logo
logo
logo

Antiperspirant "Driclor Tropiki ergini " 20 ml

Haryt kody
GSK4550001
Brend
Barkod
5054563082169
Blokda
40 sany

Önümiň beýany:

Driclor ergini aşa köp derleýän adamlar üçin ýörite işlenip düzülendir. Onuň işleýiş usuly: Driclor çalynandan soň der öýjüklerinde gel ýaly madda emele gelip deriň öndürilmegini azaldýar we soň-soňlar deriň emele gelmegini togtadýar.
Çykýan derler beden tarapyndan yzyna sorulyp alynýar we tebigy ýollar arkaly çykarylýar. Birnäçe hepde ulanylandan soň deriň bölüp çykmagy azalýar we siz guraklygy, tämizligi duýýarsyňyz.
Driclor deriniň ähli görnüşleri üçin hem-de adaty antiperspirantlaryň täsir etmeýän bedenleri üçin hem ulanmak bolýar.

Driclory ulanmak üçin:

Çüýşäni tekiz ýere goýuň, gapagy seresaplylyk bilen açyň we ony bir gapdalda goýuň. Rolik topyny çüýşäniň ýokarsyna salyň we ýeňillik bilen basyň. Rolik topyny goramak üçin gapagy berk ýapyň.

Maksady:

Artykmaç derlemäni aýyrmak.

Nädip ulanmaly:

Ulanmazdan öň Driclory ulanjak ýeriňizi gowy guradyň, guradylmadyk ýagdaýynda gijilewük ýüze çykyp biler. Günde 1 gezek, has gowusy bolsa der çykaryjy öýüjikleriň aktiwlygy pes wagty ýagny gije ulanyň. Irden turanyňyzda Driclory ýuwuň we adaty dezodorantyňyzy ulanyň. 1-2 hepde soň siz uly üýtgeşmelere şaýat bolarsyňyz.
Günüň dowamynda derlemegiňiz azalyp sizi biynjalyk etmegini bes edip başlandan soň, Driclory ulanmagy azaldyp bilersiňiz.

Duýduryş:

Serişdäniň düzümindäki haýsydyr bir önüme allergiýaňyz bar bolsa, Driclor erginini ulanmaň.
Driclor ergini käbir adamlarda wagtlaýyn gijilewüge we gyzaryklyga sebäp bolup biler. Bu size oňaýsyzlyk döredýän bolsa, Driclory wagtlaýyn ulanmaň. Bu hem kömek etmese ýa-da gyzaryklyk hasam erbetleşýän bolsa, önümi ulanmagy bes ediň we maslahat üçin lukmanyňyza ýüz tutuň.
Serişdäni ulananyňyzda ulanmak boýunça görkezmelere eýermek gaty möhümdir.
Driclor-y çygly, ýaralanan, duýgur, gyzaran derä ýa-da britwa bilen arassaçylykdan soň ulanmaň.
Göz bilen gatnaşykdan gaça duruň.
Driclor eşiklerde yz galdyryp biler, şonuň üçin eşik geýmezden ozal dezodorantyň doly gurandygyna göz ýetiriň.
Şaý-sepler we ýalpyldawuk metallar bilen aragatnaşykdan gaça duruň (önümiň reňkiniň üýtgemegine sebäp bolup biler.)

Garşylyklar:

Onuň düzüm böleklerine allergiýaňyz bar bolsa, Driclor ulanmaň.

150.70 m.

Meňzeş harytlar