logo
logo
logo

Eltip bermek we töleg tertibi:

  • Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň çägi bilen bir hatarda Büzmeýine we Änew şäherine hem elýeterlidir;
  • Sargydyň iň pes çägi 50 manat bolmaly; sargydyňyz 150 manatdan geçse eltip bermek hyzmaty mugt;
  • Saýtdan sargyt edeniňizden soňra operator size jaň edip sargydy tassyklar (eger hemişelik müşderi bolsaňyz sargytlaryňyz islegiňize görä awtomatik usulda hem tassyklanýar);
  • Girizen salgyňyz we telefon belgiňiz esasynda hyzmat amala aşyrylýar;
  • Sargyt tassyklanmadyk ýagdaýynda ol hasaba alynmaýar we ýerine ýetirilmeýär. Sargydyň tassyklanmagy üçin girizen telefon belgiňizden jaň kabul edip bilýändigiňize göz ýetiriň. Şeýle hem girizen salgyňyzyň dogrulygyny barlaň;
  • Sargydy barlap alanyňyzdan soňra töleg amala aşyrylýar. Eltip berijiniň size gowşurýan töleg resminamasynda siziň tölemeli puluňyz bellenendir. Töleg nagt we nagt däl görnüşde milli manatda amala aşyrylýar. Kabul edip tölegini geçiren harydyňyz yzyna alynmaýar;
  • Sargyt tassyklanandan soňra 24 sagadyň dowamynda eýesi tapylmasa ol güýjüni ýitirýär;